Awstraliýada 3 kilogramdan hem agyr ustrisa ösdürilip ýetişdirildi
Awstraliýada agramy 3 kilogramdan gowrak bolan ustrisa ösdürilip ýetişdirildi. Fermanyň eýeleri Jil atly ägirt ustrisany Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler.
Dünýäniň rekordyny täzelän ustrisa ösdürilen fermanyň eýesi Berni Konnelanyň sözlerine görä, bu ustrisa öňki rekord ýazgyda duran 1,6 kg agramly önümden iki esse agyr bolup, onuň agramy 3,01 kg deňdir.
«Birnäçe wagt bäri ustrisanyň agramyna üns bermeýärdim we netijede onuň alan agramyna biraz geň galdym. Men ony 9 ýyl ozal Tasmaniýadan alyp geldim. Gelen wagtlary onuň göwrümi has kiçidi. Indi bolsa nähili ösendigine serediň!» – diýip, fermer gürrüň berdi.
Awtraliýa sebiti boýunça iň uly ustrisa ösdürip ýetişdiren daýhanlara, Singapuryň golaýynda geçirilen Narume festiwalynda baýraklar gowşuryldy we Berni birbada birinji, ikinji we üçünji ýerleri eýeledi. Dördünji orny bolsa iki sany 2,2 kg deň bolan ustrisalary ýetişdiren daýhanlar gazandylar.