Türkmenistan Eýranyň Prezidentiniň dikuçarynyň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýardyr
Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýardyr. Bu beýanat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan mälim edildi.
TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Mi-171 dikuçary Azerbaýjan bilen serhetdäki Julfa şäheriniň golaýynda «kynçylykly gondy».
Prezidenti alyp barýan dikuçary tapmak üçin uly göwrümli halas ediş işleri alnyp barylýar. Amatsyz howa şertleri uçara ýetmegi kynlaşdyrýar. Dikuçarda Gündogar Azerbaýjanyň gubernatory Aýatolla al-Haşim we Eýranyň daşary işler ministri Amir Abdullahýan hem bardy.
Eýranyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde iki ýurduň serhedinde suw howdanynyň açylyş dabarasyna gatanaşypdy.