Moskwada jemgyýetçilik ulaglarynyň bahalary ýokarlandy
Moskwada jemgyýetçilik ulaglarynda bir gezeklik syýahatyň bahasy «Тройка» karty bilen 57 rubla, bank kartlary üçin bolsa 70 rubla çenli ýokarlandy. Iň girdejili syýahat bolan biometrik ulagyň mümkinçiliginden peýdalanmak 53 rubl bolar. Şol bir wagtyň özünde bolsa 2011-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Moskwada nyrhlaryň inflýasiýa derejesinden 30 göterim pes bolandygy bellendi.
Şäher häkimligi bahalaryň ýokarlanmagynyň Moskwanyň ulag ulgamynyň has netijeli işlemegi üçin zerurdygyny düşündirdi. Bahalaryň ýokarlanmagyndan soň serişdeler infrastrukturany, petek ulgamyny we ýolagçy hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin ulanylar.
Mundan ozal, «Ýokary Ykdysadyýet mekdebi» milli barlag uniwersitetiniň «Akylly şäher gözleg merkeziniň» müdiri Konstantin Trofimenko Moskwanyň ulaglary üçin nyrhlaryň üýtgemeginiň ujypsyzdygyny we Ýewropa bilen deňeşdirilende ýolagçylar üçin has ýokary hilli hyzmatlary hödürleýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa London, Pariž ýa-da Berlin bilen deňeşdirilende syýahat bahasynyň pes bomagynda galýandygyny tassyklady.