2024-nji ýylyň dört aýy: Öňdebaryjylaryň konteýner dolanyşygy
2024-nji ýylyň 4 aýynyň jemi boýunça Şanhaýyň konteýner dolanyşygy 16,63 million TEU boldy. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4% köpdür.
Singapur 2024-nji ýylyň hasabat döwründe 13,36 million TEU barabar bolan konteýner daşady, bu bolsa geçen ýylyň 4 aýy bilen deňeşdirilende 8,9% artyk.
Şu ýylyň aprel aýynda Şanhaýyň konteýner dolanyşygynda 4,18 million TEU netije görkezildi, bu şondan öňki aý bilen deňeşdirilende 0,7%, 2023-nji ýylyň aprelinden 4,2% köp bolup durýar.
2024-nji ýylyň aprelinde Singapuryň gämi duralgalaryndan 3,39 million TEU-lyk ýük geçdi (2024-nji ýylyň marty bilen deňeşdirilende 2,9% pes we 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 4% ýokary).