«Mançester Siti» yzly-yzyna 4-nji gezek «Premier Liganyň» çempiony

Angliýanyň «Premier Ligasynda» çempion soňky tapgyrda bolup, «Mançester Siti» öz elindäki çempionlygy «Arsenala» aldyrmady. Soňky tapgyrda öz meýdançasynda «West Ham» toparyny Fil Foden (2) hem-de Rodriniň gollary bilen 3-1 hasabynda utan «Mançester Siti» «Premier Ligada» bassyr 4-nji, soňky 7 ýylda 6-njy, umumylykda-da 10-njy gezek çempion diýen ady eýeledi. «Mançester Siti» topary Angliýanyň 135 ýyllyk ýokary ligasynda yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanan ilkinji topar hökmünde taryha girdi. «Mançester Siti» 10-njy çempionlygyny baýram etmek bilen «Ewertondan» öňe saýlandy. Bu ugurda «Mançester Ýunaýted» 20, «Liwerpul» 19, «Arsenal» 13 çempionlyk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Toparyň tälimçisi Pep Guardiola 15 ýyllyk tälimçilik karýerasynda 12-nji gezek çempion boldy. «Premier Ligadaky» 6-njy çempionlygyny gazanan Guardioladan öňde 13 çempionlygy bolan Aleks Ferguson gelýär. Umumylykda 38-nji kubogyny gazanan Pep Guardioladan öňde diňe 49 kubokly Ser Aleks Ferguson bar.

Sokňy gezek 20 ýyl öň çempion bolan «Arsenal» bassyr 2-nji möwsümini kümüş medal bilen tamamlaýar. Olara soňky tapgyrda «Ewertony» 2-1 hasabynda ýeňmek çempionlyk üçin ýeterlik bolmady. «Liwerpulyň» 3-nji bolan möwsüminde «Aston Willa» çempionatda 4-nji orny eýeledi.