Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy

Duşenbe güni, 20-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan hem-de Germaniýa döwletiniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy, "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri hem-de nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 889 050,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.