Türkmenistanyň Eýrandaky diplomatik wekilhanasyndaky Döwlet baýdaklary aşak düşürildi
Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda Döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.