Türkmenistan Tähranda geçirilen YHG-niň Demirýol edaralarynyň mejlisine gatnaşdy
Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji mejlisin hem-de gurama agza döwletleriň üstaşyr ýül daşamalaryny utgaşdyrmak boýunça demir ýol komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi.
Bu çärelerde Türkmenistana «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow wekiliçilik etdi.
HHM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapy ýurduň ýolbaşçylarynyň milli ulag ulgamyny ählumumy logistika infrastrukturasyna burikdirmek we sebitde multimodal ulag geçelgelerini utgaşdyrmak üçin iri logistika merkezlerini döretmek boýunça edýän tagallalary barada çykyş etdi.
Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluna aýratyn üns berildi. Bu ulag geçelgesiniň Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletler bilen we goňşy sebitleriň arasyndaky özara söwdany ösdürmek hem-de ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.
«Ýewropadan Türkmenistanyň çägi arkaly Hindi ummany we Pars aýlagy ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamak Sues kanaly arkaly geçýän ugurdan üç esse gysgadyr» diýlip, HHM-niň habarynda bellenilýär.