Almatyda Merkezi Aziýada söwdany ýönekeýleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagyna gatnaşdy.
Bu çäre Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Söwda syýasatyna jogapkär ministrlikleriň wekilleri, serhetdäki gümrük, ulag, fitosanitar we weterinariýa gözegçiligi bilen meşgullanýan ýerine ýetiriji häkimiýetleriň işgärleri, Merkezi Aziýanyň bäş hyzmatdaş döwletinden hususy pudagyň wekilleri söwda amallaryny ýeňilleşdirmek pudagynda innowasion çözgütleri, şol sanda «E-Phyto» (elektron fitosanitar şahadatnamalarynyň innowasion ulgamy) ýaly sanly başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli elektron fitosanitar şahadatnamalary boýunça maglumat alyş-çalşygyny durmuşa geçirmegini göz öňünde tutýan meýilnama düzüldi.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlara Hazarüsti ulag geçelgesinde multimodal maglumatlaryň we resminamalaryň alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmagyň, logistikany optimallaşdyrmagyň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň «Ýol kartasy» tanyşdyryldy. Bu resminama Merkezi Aziýada söwdany kämilleşdirmäge ýardam bermek üçin niýetlenendir.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetler sebitde söwdany has-da ýeňilleşdirmek üçin hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy gowulandyrmak boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny düzdüler.