Türkmenistanda aw awlamagyň düzgünleri tassyklanyldy
2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň dördünji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 106-Ö belgili «Aw awlamagyň düzgünlerini tassyklamak hakynda» Buýrugy, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda dolulygyna ýerleşdirildi.
Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda 1795 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.