Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «Kamaz 5490» ulagynda we «Nefaz-93341» ýarym tirkeginde ýük daşamak hyzmatyny hödürleýär
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň hyzmatlarynyň üstüni «Kamaz 5490» we «Nefaz-93341» (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak mümkinçilikleri hem ýetirýär.
Ýeri gelende bellesek, Russiýa Federasiýasynda 2013-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän «Kamaz 5490» kysymly awtoulagyň agramy 7900 kilogram bolup, ol dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Munuň özi 110 km/sag tizlik bilen hereket edip bilýän ulagyň ýük daşamakdaky mümkinçiliginiň ýokarydyny görkezýär.
Tehniki häsiýetleri bu ulagyň ýük daşamakdaky ygtybarlylygyny şertlendirýär. Ýük ulagynyň tigir formulasy 4 x 2 ölçegdedir. Bu onuň uzak menzilleri ynamly külterlemegine ýardam edýär.
Ýarym tirkeg görnüşindäki «NEFAZ-93341» umumy ýol ulgamy boýunça dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. 33500 kilogramlyk ýüki daşap bilýän ulag bölümi ykjam tehniki häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Dünýä tejribesinde ýük daşamak boýunça kämil awtoulag hökmünde ykrar edilen önümiň mümkinçilikleri harytlaryňyzy ykjam hem ygtybarly daşamaga ýardam berýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy şu awtoulaglarda ýüklerimizi daşamak boýunça hyzmatlaryny hödürlemekden hoşaldyr. Tejribeli sürüjiler size hödürlenýän hyzmatlaryň kämil hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün ederler.
30 tonna ýük göterijiligi bolan ulaglar bilen 1 (bir) sagatlyk hyzmatyň bahasy — 150 (ýüz elli) manat.
Habarlaşmak üçin: +99312760436