TNGIZT 1,5 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýynda gelip gowşan 1 million 442 müň tonna golaý nebit çig malynyň 1 million 438,7 müň tonnasy gaýtadan işlenildi.
Hasabat döwründe taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi 440 müň tonna golaýlady. Bu barada “Nebit-Gaz” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen dört aýda toplumda kerosin öndürmegiň meýilnamasy 106,2 göterim, dizel ýangyjy babatda 100,1 göterim, çalgy ýaglary boýunça 110,1 göterim berjaý edildi.
TNGIZT-da şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda daşarky bazarlarda iň bir geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň meýilnamasy 257 göterim ýerine ýetirildi.
Bu toplum etilirlenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny, ýene-de bir näçe nebit önümlerini öndürýär.