Türkmen we özbek uniwersitetleri GIS tehnologiýalaryny oba hojalygynda ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň arasynda Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri Şatlyk Pygamowyň «Suwarymly meýdanlaryň toprak kartasyny düzmekde GIS tehnologiýasyny ulanmak» tema boýunça onlaýn okuwy gurnaldy.

Okuw sapagyna iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.

Geçirilen okuw sapagynda ýurdumyzda ilkinji gezek toprak ekstraktynyň elektrik tok geçirijiligi arkaly ekerançylyk meýdanlarynyň şorluk derejesiniň anyklanylyşy, ekerançylyk meýdanlarynyň toprak kartasyny düzmekde GIS tehnologiýalaryny ulanmagy ähmiýeti, ekin meýdanlarynyň şorluk derejesini kesgitlemekde häzirki zaman enjamlary we usullary ulanmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler, GIS tehnologiýalarynyň esasynda düzülen toprak kartasynyň netijesinde ekerançylyk meýdanlarynyň şorluk derejesine baha bermegiň mümkinçilikleri, GIS tehnologiýalaryny ulanyp toprak kartasyny düzmegiň usullary barada özara pikirler alyşyldy.

Şeýlelik-de geçirilen okuw sapagy örän täsirliligi, täze maglumatlaryň köpligi we netijeliligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyna sanly ulgamlary ornaşdyrmakda, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.