Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we gurluşyk önümleri uly islege eýe boldy

Çarşenbe güni, 22-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýa we Türkiýe döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konsernlerinden "B" kysymly karbamidy, "TS-1" kysymly uçar kerosinini, "SN-350" kysymly başlangyç ýagyny we “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi Ministrliginden düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 185 000,00 manada we 23 954 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.