Aşgabatda «Yzzat Gylyjow we Italiýa» atly surat sergisi öz işine başlady

22-nji maýda Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Yzzat Gylyjow we Italiýa» atly surat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Beýik türkmen suratkeşi Yzzat Gylyjowyň Italiýada bolan döwründe döreden eserler görkezilýär.

 

Bu möhüm medeni çäre Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen gurnaldy. Serginiň açylyşy köp sanly sungat söýüjilerini, diplomatlary we medeniýet işgärleriniň giň köpçüligini özüne çekdi.

 

Surat sergisine gelenler Yzzat Gylyjowyň döredijiliginiň üsti bilen türkmen we italiýan medeniýetleriniň arasyndaky sazlaşygy hem-de baglanyşygy görkezýän ajaýyp eserlerden lezzet aldylar. Sergi halkara derejesinde türkmen sungatynyň çuňlugyny we köpdürlüligini görkezip, halklaryň arasynda medeni alyş-çalyşyň we özara düşünişmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

Türkmenistanyň halk suratkeşi, žiwopis suratlarynyň akademigi, köp sanly döwlet baýraklarynyň eýesi Yzzat Gylyjow (1923-2006) türkmen şekillendiriş sungatyny dünýä derejesine çykaran ilkinji ussatdyr. Onuň suratlary ABŞ-dan Ýaponiýa çenli dünýädäki iň uly surat galereýalarynda görkezildi.

 

Ussadyň şahsy sergileri Angliýada, Italiýada, Germaniýada, Russiýada, Polşada, Estoniýada we Azerbaýjanda geçirildi. Ökde suratkeş dünýäniň ýarysyny aýlanyp gördi. Yzzat Gylyjow surat eserlerinde öz watandaşlaryna Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň adamlary, gözelligi we beýikligi barada gürrüň berdi. Dünýä üçin - dogduk mekany Türkmenistany açdy.

 

Sergi ýene birnäçe gün dowam eder. Giriş mugt.