24-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergi açyldy, türkmen paýtagtynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler, Türkmen milli konserwatoriýasynda Çagalaryň goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň we işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşyp, gurluşyk, binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk, «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamlaryndaky we häzirki zaman Aşgabadyň keşbini emele getirýän beýleki ugurlardaky üstünliklerini hem-de gazananlaryny görkezýärler. 

2. Şu gün Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gün tertibine gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri giriziler. Bu mejlisiň dowamynda Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek meýilleşdirilýär.

3. Maý Kuliýewa adyndakyy Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda 31-nji maýda sagat 18:00-da çagalar sazçylyk mekdepleriniň zehinli okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň we meşhur sahna ussatlarynyň gatnaşmaklarynda giň gerimli konsert geçiriler. Konsertiň maksatnamasy türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini, meşhur multfilmleriň we kinofilmleriň aýdymlaryny öz içine almak bilen, joşgunly we köpugurly bolmagy wada berýär.

4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi binalaryň içki suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň täzelenen gurluşyk kadalaryny tassyklady.Resminamanyň mazmuny Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi. Kabul edilen kadalar içki sowuk we gyzgyn suw üpjünçiligini, lagym ulgamyny, ýangyna garşy suw geçirijileriniň ulgamlaryny taslamaklygyň düzgünlerini we talaplaryny kämilleşdirmäge degişlidir.

5. Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy tarapyndan «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýlip ykrar edildi. Bahalandyryş işleri dünýäniň 56 ýurdunda hereket edýän şunuň ýaly merkezleriň arasynda geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri boýunça geçirildi.

Dünýäde

6. Hytaýda pişikleri, itleri we beýleki ownuk haýwanlary söwda enjamlary arkaly satmagyň kabul ederlikli däldigi barada jedel ýüze çykdy. Pekinde söwda enjamynyň kiçijik bölümlerinde pişikleriň hödürlenýändigini görkezýän wideo sosial ulgamlarda gahar-gazap döretdi. Ulanyjylar wideoýazgydaky haýwanlaryň sagdyn görünýändiklerini bellediler, ýöne öňler olar şuňa meňzeş enjamlarda öý haýwanlarynyň elhenç şertlerde saklanýandygyny, olaryň syrkawdygyny ýa-da hatda ölendigini görendiklerini aýtdylar. Haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar bu tejribäni haýwanlara rehimsizlik bilen çemeleşmek hasaplap, Hytaýyň häkimiýetlerini ony gadagan etmäge çagyrýarlar.

7. Mançesteriň ýolbaşçylary rugsat edilen beýiklikden 75 santimetr beýik bolan täze jaýy ýykmagy meýilleşdirýärler. Prestwiç etrabyndaky gurluşygyň meýilnamasy ilkibaşda şäher geňeşi tarapyndan tassyklanypdy. Şeýle-de bolsa, iş tamamlanandan soň, komissiýa jaýyň tassyklanan taslama laýyk gelmeýändigini we rugsat edilýän beýiklikden ýokarydygyny ýüze çykardy. Şunuň bilen baglylykda, ony sökmek kararyna gelindi. Gozgalmaýan emläk eýeleriniň arzasy ret edildi. Indi jaýyň eýesiniň ony ýykmak üçin bary-ýogy alty aýy bar.

Sport habarlary

8. 25-nji maýda Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň 18-nji tapgyry başlaýar we ol ýaryşyň birinji ýarymynyň tamamlaýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda çempionatyň aralyk netijelerini jemlemek mümkin. 15 oýunda ýeňilmedik we 45 utuk bilen öňde barýan «Arkadag» topary jedelsiz lider bolmagynda galýar. Çempionlyk ýaryşynda onuň yzyndaky ikinji orunda 34 utuk toplan «Altyn asyr» barýar. «Ahal» 31 utuk bilen ilkinji üçlügi tamamlaýar.

9. Geljek möwsümden başlap, Çempionlar ligasynyň senenamasynda möhüm üýtgeşmeler bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri adaty oýun günlerinden başga-da, ýaryşyň oýunlary penşenbe güni hem oýnalar. Mundan başga-da, toparçalaýyn tapgyryň jemleýji aýlawynyň 18 oýnunyň hemmesi 29-njy ýanwarda geçiriler we bir wagtda başlanar. Bu özgertmeler Çempionlar ligasyna gatnaşyjylaryň sanynyň 32-den 36-a çenli köpelmegi, şeýle hem adaty toparçalaýyn tapgyrdan ýüz öwrülmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň ýerine ýaryşyň umumy sanawy giriziler, onda her bir klub dürli garşydaşlar bilen 8 oýun oýnar.