Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Hökümet başlygyny kabul etdi

Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Bu barada Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, BELTA ýazýar. Ozal habar berşimiz ýaly, Belarusyň Premýer-ministri GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.

— Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu, esasan hem, iki döwletiň Prezidentleriniň arasynda köp ýyllyk ýakyn we ynamly gatnaşyklary arkaly mümkin boldy – diýip, R.Golowçenko belledi.

Premýer-ministriň belleýşi ýaly, ýurtlar halkara guramalarynyň çäginde birek-birek bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Pandemiýadan soňky döwürde ynsanperwerlik pudagynda özara gatnaşyk kem-kemden dikeldilýär, esasan hem, bu bilim, sport we medeniýet ugurlarynda has aýdyň ýüze çykýar.
Roman Golowçenko Türkmenistanyň Hökümetine Belarusda türkmen talyplaryny taýýarlamaga bolan ynamlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Belarus bilen Türkmenistanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmeginiň baý mümkinçilikleriniň aýtdy.

— Bular, esasan, oba hojalygy, senagat, gurluşyk we ulag pudaklarydyr. Belarus tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň çalt ösmegine gyzyklanýandygyny tassyklaýar we özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine päsgel berýän islendik meseläni çözmek üçin anyk amaly çäreleri görmäge taýýardyr – diýip, Premýer-ministr nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna ünsi çekdi. Şunda iki ýurduň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň we ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti dogrusynda bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hem pikir alşydy.