Serdar Berdimuhamedow Mihail Mişustin bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin şu gün Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustini kabul etdi. Bu barada TASS ýazýar.

Bellenilişi ýaly, ikiçäk geçirilen duşuşygyň barşynda dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.