Arkadag şäherinde guraljak «TESC-2024» forumynyň çäginde energetika howpsuzlygyna pugtalandyrmak boýunça BMG-niň sessiýasy geçiriler
5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde energetikany ösdürmegiň geljegine, täze tehnologiýalara we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik taraplaryna bagyşlanan«TESC-2024» halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.
Forum nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini, alymlaryny we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Bu çäre gönüden-göni we onlaýn usulda gatnaşmak üçin elýeterli bolar. Bu halkara ylmy-amaly maslahat nebitgaz pudagynyň soňky gazanan ösüşlerini hödürlemek, uglewodorod baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly platformadyr.
Forumyň esasy maksady daşky gurşawy goramaga we «ýaşyl» energiýanyň ösdürilmegine ünsi çekip, degişli döwlet edaralary, iri energetika kompaniýalary, akademiki jemgyýetler we maliýe guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.
«TESC-2024» forumynyň çäginde Merkezi Aziýada energiýa ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine bagyşlanan BMG-niň «Energiýa birikmesi we söwda arkaly energiýa ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly sessiýasyny geçirmek meýilleşdirilýär,
Maslahat oňa gatnaşjak wekiliýetleriň agzalaryna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerine we sebitiň energetika pudagyny «ýaşyllaşdyrmagyň» geljegine baha bermek üçin oňaýly şert döreder.