Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek çäreleriň seneleri
25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, şol sanda halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik we zehin bäsleşikleri hem-de sport ýaryşlary guralar.
1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Çagalaryň tennis festiwaly geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly iýun aýynda geçiriljek esasy çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.