Türkmen agyr atletikaçylary Peruda ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazanýarlar

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty 22-nji maýdan 26-njy maý aralygynda Perunyň paýtagty Limada geçirilýär. Bu ýaryşa 50 ýurtdan 280 töweregi türgen gatnaşýar, şeýle hem, Türkmenistanly türgenler eýýäm özünlerini tanatmagy başadylar.

49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşýän Ogulşat Amanowa üç medal gazanmagy başardy.

Ol silteläp götermekde 77 kg agram bilen altyn, itekläp götermekde 91 kg agram bilen bürünç, umumy 168 kg görkeziji bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Munuň özi Aşgabatdaky 104-nji orta mekdebiň okuwçysy, 16 ýaşly türgen üçin ajaýyp üstünlikleriň biri. 67 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Didarbek Jumabaýew hem ýeňiş üçin öz güýjüni we ederemligini görkezdi.

Ol umumy 372 kilogram agram bilen dördünji orny eýelemegi başardy. 155 kilogram bilen itekläp götermekde bürünç medal gazandy. Didarbek, "Olimp" orta sport mekdebiniň okuwçysy we dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri tutuş ýurdumyz üçin buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşlarynda ýokary derejelerini birnäçe gezek subut etdiler. Perudaky ýetginjekleriň arasyndaky çempionat hem munuň aýdyň subutnamasydyr.