Bilelikdäki Türkmen-awstriýa iş toparynyň mejlisi geçiriler

25-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-5-nji iýunynda Bilelikdäki Türkmen-awstriýa iş toparynyň on ikinji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler duşuşygyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, senagatda innowasiýa tehnologiýalary, energetika, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ekologiýa taslamalary we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bilelikdäki resminamalara gol çekiler.

Işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjamlary öndüriji kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, dünýäniň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.