Supermarketiň işçisi millioner bolandygyna garamazdan, işe gitmegini dowam etdirýär
Supermarketiň işçisi, Londonyň 23 ýaşly ýaşaýjysy Aýobami Akeju millioner bolandygyna garamazdan, öz wagtyny biderek ýere sarp etmezlik üçin işe gitmegini dowam etdirýär.
Ýaş ýigit emläk şertnamalary arkaly girdeji gazandy: onuň tutuş ýurtda jemi 1,2 million funt sterlinge durýan on sany öýi bar.
Akejunyň aýtmagyna görä, ol 20 ýaşynda indiki 10 ýyl üçin meýilnama düzdi we şu güne çenli dowam etdirýär.
«Men hiç zady zaýalamaýaryn ýa-da özüm üçin artykmaçlyk döretmeýärin, gaty sada ýaşap, gün tertibimi saklaýaryn» - diýip, belleýän ýaş ýigidiň sözlerini «The Sun» habar berýär.
«MIR 24-iň» habaryna görä, Akeju biznese başlamaga we şeýle gün tertibine eýe bolmaga öz başlygy kömek edendigini belleýär we işini taşlamak islemeýär.