Hytaýyň Sian şäherinde şokolad muzeýi açyldy
Sian şäherinde adaty bolmadyk muzeý açyldy. Muzeý ýygyndysynda şäheriň gözel ýerleriniň nusgalary we meşhur terrakota söweşijileriniň heýkelleri bar. Onuň adaty muzeýlerden tapawudy ähli eksponatlaryň şokoladdan ýasalmagydyr. Muzeýe gezelenç edýän myhmanlar sungatyň, taryhyň we gastronomiýanyň biri-biri bilen ýakyn bagly dünýäsine syýahat edýärler.
«Большая Азия» saýtynyň habaryna görä, ýygyndyda Zhou, Çin, Han we Tang neberelerine degişli artefaktlar hem binalar bar. Eksponatlary döretmek üçin ýüzlerçe tonna şokolad we dürli dokumalary bermek üçin guramaçylar ösen pürküji usullary ulandylar.
«Üç reňkli atlar, Jingýun jaňy we bürünç çakyr gämisi ýaly eksponatlaryň köpüsi durmuşdaky hakyky ölçegleri bilen deňdir. Elbetde, hemme zat şokoladdan ýasalýar: heýkeller, binalaryň diwarlaryndaky kerpiçler we olaryň aşagyndaky toprak. Geçmişiň häsiýetlerini dikeltmek jikme-jikliklere ýakyndan üns berilmegini talap edýär» - diýip, şokolad muzeýiniň dolandyryjy müdiri Song Çangfu belledi.
Muzeý sergisi diňe bir taryhy däl, eýsem döwrebaplygy hem görkezýär. Ýygynda meşhur ýerli lyçe şokoladyndan ýasalan eksponatlary hem goşmak meýilleşdirilýär.