Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem abadançylyk arzuw etdi.