Ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy bellendi
Paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.
Halyçylyk sungatynyň halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny, nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Nepislik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar kämilleşmegiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär. Şeýle hem 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy, ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, «Iň uly haly göli» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.
Döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkmen halysynyň milli muzeýinde emele gelen baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Olarda «janly rowaýatyň» — türkmen halysynyň döreýiş taryhy beýan edildi.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylaryň öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidigi bellenilýär.
Serginiň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň halyçylarynyň dokan ajaýyp eserleri bilen bir hatarda, döwlete dahylly bolmadyk pudagyň iri kärhanalarynyň biriniň — «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlan döwrebap haly önümleri görkezilýär. Telekeçi zenanlaryň sergide görkezýän sowgatlyk önümleriniň toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen sergä gelýänleriň ünsüni çekdi. Zenanlarymyz bu günki gün halyçylyk, syýahatçylyk pudaklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Özbegistandan, Owganystandan gelen myhmanlar tarapyndan sergide görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli we dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar milli halyçylyk sungatynyň ösdürilmeginde, el halylarynyň özboluşly aýratynlygynyň wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak maksady bilen, täze taryhy döwrümizde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy sungatymyzy wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň işi hem şu maksada gönükdirildi.
Çykyşlarda türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, medeniýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň şöhlelenýändigi bellenildi. El haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Suratkeş-bezegçileriň taýýarlan nusgalary esasynda dokalýan owadan halylar ýurdumyzda gurulýan bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň, saglygy goraýyş düzümleriniň, beýleki binalaryň bezegine öwrülýär. Häzirki zaman dokma önümçiligi kärhanalarynda halylaryň ajaýyp görnüşleri dokalýar. Olar özboluşlylygy bilen döwlet edaralaryny, medeniýet merkezlerini, muzeýleri bezeýär. Bularyň ählisi döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň netijesinde mümkin boldy.
Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen has içgin tanyşdyrandygyny bellediler.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrundaky tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Agşam dabaralar «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.