Merkezi Aziýanyň derýalarynda suwuň ýokary derejesine garaşylýar

Amatly howa şertleri Merkezi Aziýada ýetip gelýän oba hojalygy möwsümine umytly garaýyşlary döredýär. Sebitiň iki esasy suwly derýalary bolan Amyderýa we Syrderýa bol suwly bolar hem-de ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ýeterlik suw mukdaryny kepillendirer.

«Şu ýylky güýçli ýagynlar Amyderýada we Syrderýada suwuň bol bolmagyna getirdi. Derýanyň doldurylmagynyň geçen ýylky görkezijilere laýyk gelmegine we käbir ýagdaýlarda hatda ondanam ýokary bolmagyna garaşýarys» — diýip, Özbegistanyň suw hojalygy ministri Şawkat Hamroýew aýdýar.

Çaklamalara görä, öňki ýyllaryň derejesine garanda Syrderýa 85-90%, Amydarýa 90-95% suw bilen dolupdyr. Bu bize ýetip gelýän ösüş möwsümine oňyn garamaga mümkinçilik berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary 12-nji aprelde Şimkentde (Gazagystan) Döwletara utgaşdyryjy suw komissiýasynyň (ICWC) 86-njy mejlisinde ýygnanyp, 2024-nji ýylyň ösüş möwsümi üçin suwuň mukdaryny tassykladylar.

Esasy bellemeli zatlaryň ýene biri hem 2 milliard 100 million kub metr suwuň Amyderýa deltasyna we Aral deňzine gönükdiriljekdigidir. Bu karar sebitdäki ýurtlaryň suw baýlyklaryndan deňagramly peýdalanmak we Aral ekoulgamyny gorap saklamak islegini tassyklaýar.