Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Sunak 4-nji iýulda möhletinden öň saýlawlaryň geçiriljekdigini yglan etdi
4-nji iýulda Beýik Britaniýanyň parlamentine möhletinden öň ählumumy saýlawlar geçiriler. Bu barada Birleşen Patyşalygyň premýer-ministri Rişi Sunak Dauning-stritdäki resmi rezidensiýasynyň öňünde eden çykyşynda habar berdi.
«Häzirki wagt Beýik Britaniýanyň geljegini saýlamaly wagtydyr – gazanan ösüşlerimize daýanmak isleýärismi ýa-da töwekgelçilik edip, meýilnamamyz, aýdyň pikirimiz bolmazdan, ilkibaşdaky ýagdaýa dolanmak isleýärismi, biz şuny kesgitlemeli. Şu gün Onuň Alyhezreti Patyşa bilen bolan söhbetdeşlikde men parlamentiň dargadylmagyny isledim. Patyşa bu haýyşymy kabul etdi we 4-nji iýulda ählumumy saýlaw geçireris» diýip, Sunak aýtdy.
Rişi Sunak saýlawçylara ýüzlenip, «anyk meýilnamasy we batyrgaý hereketleri bolan» partiýa ses bermäge çagyrdy we işinde hemişe bu ýörelgä eýerendigini sözüniň üstüne goşdy.
Ol: «Men hemişe siziň bilen dogruçyl boldum, hatda bu kyn bolsa-da, çünki men aňsat däl-de, biziň ýurdumyz üçin dogry zatdan ugur alýaryn» diýip belledi.