«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda onlýan-söwdanyň ösmegine ýardam eder

Häzirki wagtda Türkmenistanda 270-e golaý onlaýn-meýdança bar, bu bolsa ýurtda internet-söwdanyň artýan ornuny görkezýär. Onuň ösmegi üçin döwlet derejesinde änyk ädimler ädilýär – diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ITTC-2023 halkara ulag maslahatynda çykyş etmek bilen, nygtady.

 

Agentligiň baştutany elektron täjirçiligiň gowy ýola goýlan logistikanyň serwisleri we eltip berme hyzmaty bolmazdan mümkin däldigini belledi. Bu hyzmatlaryň amatlylygyna we tizligine sarp edijiniň sargyt etjek kompaniýasynyň saýlanyp alynmagy bilen baglydyr.

 

MIlli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy onlaýn-hyzmatlary kämilleşdirmegiň üstünde işjeň işleýär.

 

Häzir «Türkmenpoçtanyň» her bir bölümi häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilendir, ol harytlaryň eltilmegini we iberilýän zatlaryň daşalmagyny tiz wagtyň dowamynda amala aşyrýar, müşderilere bolsa — ýörite goşundynyň kömegi bilen ýa-da islendik kompýuter arkaly olaryň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik berýär.

 

Çapary çagyrmak we poçta bilen iberilýän zatlaryň resmileşdirilmegini ýönekeýleşdirmek üçin Çapar ykjam goşundysy işlenip düzüldi, ol ondan peýdalanyjylara bank kartynyň kömegi bilen ýa-da ykjam telefondaky hasapdan dürli döwlet hyzmatlaryna tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan döredilen ýene-de bir platformany - Postshop marketpleýsi belläp geçdi. Bu söwda meýdançasy telekeçilere we ýuridiki şahslara web-saýtda ýa-da Postshop satyjy ýörite ykjam goşundyda gerekli maglumatlary dolduryp, öz harytlaryny we hyzmatlaryny birnäçe ädimde satyp başlamagy teklip edýär. Ol diňe bir sargytlary kabul etmäge däl-de, harytlaryň we hyzmatlaryň satylyşy boýunça gerekli hasabaty we statistikany alyp barmaga hem mümkinçilik berýär.

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda onlaýn-söwdany mundan beýläk-de ösdürmek üçin bellenen ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga açykdyr – diýip, Hudaýgulyýew aýtdy.