“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi boldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi geçirildi. Bu geňeş Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň başlangyjy boýunça döredildi.

Politehniki orta hünär mekdebiniň mugallymlary talyplara sapak bermegiň usullaryny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, geçilen sapagy berkitmäge ýardam berjek interaktiw oýunlary we bäsleşikleri guramagyň netijeli boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar talyplarda ele aljak hünärine bolan höwesi ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler.