Aşgabatda «Çagalar gaýasy festiwaly» geçiriler
«Agama» alpinistler kluby 2-nji iýunda Türkmenistanyň degişli Çagalar gaznasynyň goldawy bilen Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Çagalar gaýasy festiwalyny» geçirýär.
Festiwal sagat 10:00-dan 14:00-a çenli Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni dynç alyş merkezinde geçiriler. Bu ýerde 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar gaýalara dyrmaşmak boýunça eýe bolan esasy endiklerini hem-de mümkinçiliklerini görkezip bilerler.
Festiwalyň maksatnamasy howpsuzlygy kepillendirilen emeli gaýa dyrmaşmak işini özünde jemleýär. Maksatnama gatnaşmak üçin dogluş hakynda şahadatnamaňyz (göçürme), sport eşikleriňiz we çalyşmak üçin arassa aýakgaplaryňyz bolmaly. Ýeňijiler hem gatnaşyjylar bolsa ýörite şahadatnamalary alarlar.
Festiwalyň geçirilýän meýdançasyna 20, 55, 57 we 60 belgili awtobuslar bilen baryp bilersiňiz. Festiwala gatnaşmak üçin deslapky arzany tabşyrmak üçin (+99365) 81-13-55 telefon belgisine jaň etmeli.