Täzelenen «Lexus ES»: ilkinji suratlar
Orta ölçegli «ES» sedany kompaniýanyň iň köne modellerinden biridir. Onuň ilkinji nesli 1989-njy ýylda — «Lexus» brendiniň esaslandyrylan ýylynda tanyşdyryldy (şol döwürde ikinji tanyşdyrylan model «LS» bolupdy). Häzirki wagtda awtoulagyň ýedinji nesli 2018-nji ýylda görkezilen gurnama nusgasyny dowam etdirýär. Şondan bäri «ES» birnäçe gezek ownuk täzelenmeleri aldy. Indi bolsa model has çynlakaý üýtgeşmelere eýe bolar.
Şu wagta çenli sedanyň öňki böleginiň düýbünden täze nusga eýe boljakdygyny görkezýän ýeke-täk şekili bar. Bu ýerde has ýönekeý şekilli täze faralar, LED yşyklary, olaryň arasyndaky dar radiator paneli we täze ullakan bamper bar. Ýeri gelende aýtsak, munuň özi sedanyň doly elektrik üýtgeşmesine eýe bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, adaty nusganyň daşky görnüşinde şuňa meňzeş üýtgeşmeleriň bellige alynjakdygyny çaklap bileris. Gapdaldan düýpli tapawutlara garaşylmaýar. Muňa garamazdan, yzky tarapdan täze yşyklaryň peýda bolmagyna garaşyp bilersiňiz. Galyberse-de, görkezilişde hödürlenen sedan täze yzky bamperi aldy.
Deňeşdirmek üçin ozalky nusganyň yz tarapy
Häzirki «Lexus ES» «Global Arhitektura-K» platformasynda (TNGA maşgalasyna degişli) taýýarlanyldy. Munuň «Toyota Camry» awtoulagynyň soňky iki neslinde hem ulanylandygyny bellemelidiris. Güýç gurluşy barada aýdylanda bolsa iň kämil nusga ýokarda agzalan dolulygyna elektrik görnüşleri bolup biler. Muny tassyklaýan hakykat hökmünde ýapon kompaniýasynyň ýaňy-ýakynda «ES350e» we «ES500e» indekslerini bellige alandygyny nygtap bileris.
Täze ulagyň ilkinji tanyşdyrylyşynyň ýakyn aýlarda guralmagy meýilleşdirilýär.