Germaniýanyň Kras Logistics ýük daşaýjy agenti Aşgabatda öz şahamçasyny açar
Germaniýanyň Kras Logistics kompaniýasynyň baş direktory Genrih Waal Aşgabatda logistiki kompaniýanyň şahamçasynyň açylýandygyny mälim etdi. Wekilhana yklymlaýyn ýük daşamalarynyň mümkinçiligini açyp biler – diýip, Waal Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçýän ITTC — 2023 maslahatynda beýan etdi.
Kras Logistics Türkmenhowaýollarynyň baş ýük daşaýjy agentidir, ol Türkmenistandan Germaniýa gidýän uçuşlara hyzmat edýär.
«Harytlary Türkmenistana getirip bermek üçin biziň logistikamyz işleriň hilini ýokarlandyrmak we ýükleri daşamagyň möhletini we bahasyny azaltmak üçin bar bolan ähli serişdeleriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar» - diýip, Waal aýtdy.
Ol şeýle hem Kras Logistics we «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde, şol sanda ugurlaryň sanyny köpeltmegiň üstünde işleýändiklerini sözüniň üstüne goşdy. Bu jähtde nemes kompaniýsy bilen türkmen howa gatnadyjysynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilik bardyr.
Häzirki wagtda Kras Logistics kompaniýasynyň Dubaýda, Parižde, Londonda we Moskwada öz şahamçalary bar. Kompaniýanyň düýp edarasy Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýär, ol işleri we uçuşlara hyzmat etmegiň howpsuzlygyny anyk utgaşdyrýar. Kras Logistics ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň doly görnüşini üpjün edýär.