Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Magtymguly Pyragy halkara edebiýat baýragyny döretmegi teklip etdi

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek möhüm seneleriň sanawyna girizildi.

Türkmenistanda beýik şahyr hem akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa 20 ýurduň medeniýet ministrleriniň arasynda Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa hem gatnaşdy. 

— Häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň näderejede ösýändigini we medeni hem ynsanperwer ugurda özara döredijilik işleriniň alnyp barylýandygyny görýäris. Şübhesiz, bularyň hemmesi iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary we ynamly hem dostlukly gatnaşyklary netijesinde amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň baý mirasy halklarymyz üçin has möhüm bolar. Dostlugyň nyşany we girewi hökmünde gazak halkynyň şahyra we onuň şahsyýetine, doganlyk türkmen halkyna hormatynyň alamaty hökmünde ýurduň paýtagtynda görnükli ýadygärligi gurmagy üçin ähli zerur işler alnyp barylýar — diýip belleýän ministr Aida Balaýewa Magtymguly Pyragy adyndaky halkara edebiýat baýragynyň döredilmegini teklip etdi.

Aida Balaýewa kärdeşlerini şeýle beýik şahsyýetleriň döredijilik mirasyny yzygiderli ösdürmäge we şonuň esasynda dünýä medeniýetiniň giňişligine goşulmaga çagyrdy.