Kataryň medeniýet ministri Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşdy

Katar döwletiniň medeniýet ministri, Onuň Alyhezreti Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassim ben Hamad Al Tani beýik türkmen şahyry we akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Aşgabatda geçirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy.

Ylmy forumyň çäklerinde ýokary wezipeli myhman, Al Tani neberesiniň agzasy Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdy. Ol türkmen kärdeşi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. 

27052024Qatar1.jpg

Şeýle hem duşuşyga Katar Döwletiniň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ganem Abdulla Al Remaihi gatnaşdy.