Bu akula iň uzak aralyga göçmek boýunça dünýä rekordyny goýdy

Akula Ýuwaş ummanda 17 müň mil (27,6 müň km) aralygy geçmek bilen dünýä rekordyny täzeledi. Onuň bu “syýahaty” 546 gün dowam etdi. 

Jini lakamly bu akula ilkinji gezek 2021-nji ýylyň iýulynda Galapagos adalarynyň deňiz goraghanasynyň demirgazygyndaky Wulf adasynyň golaýynda tapyldy. Onuň hereketlerini yzarlamak üçin oňa datçik dakyldy.

Alymlar bu görnüşdäki akulanyň we beýleki ýitip gitmek howpy abanýan akulalaryň göçüş ugurlaryny öwrenmek olary halas etmek üçin has täsirli strategiýalary işläp düzmäge kömek eder diýip bellediler.

Gözegçiliklikde Jininiň bir ýarym ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bir kenarýakasyndan beýlekisine çenli aralygyň dört essesini geçendigini görkezdi. Bu syýahat akulalaryň arasyndaky öňki rekordyndan alty esse köpdür.

Alymlar “Akulalar ýüzlerçe million ýyl bäri dünýä ummanynda ýaşaýarlar we biziň kagyz ýüzüne goýan serhetlerimiz olar üçin hiç zady aňlatmaýar" diýip bellediler.

Akulalar göçýän wagtynda balyk tutulýan halkara suwlaryndan geçýärler. Bu bolsa olary uly howpuň astynda goýýar. 

Bu görnüşdäki akulalar häzirki wagtda HTGB-nyň (Halkara tebigaty goramak bileleşigi) Gyzyl kitabynyň howp abanýan görnüşleriň sanawyna girizildi. Gözlegçiler, Jininiň syýahaty akulalary goramak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny görkezer diýip umydyny beýan etdiler.