Duşenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty hem-de gurluşyk önümleri ýokary islege eýe boldylar
Duşenbe güni, 27-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe we Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konsernlerinden “TPP D 30 S” ,“TPP D382 BF” kysymly polipropileni, "SN-350", "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny, hem-de polietilenden öndürilen bedräni satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasynda nah ýüplükleri hem-de Ranfors matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi Ministrliginden düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 548 899,20 manada we 26 905 121,20 ABŞ dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.