ITTC-2023 ulag forumynyň çäklerinde 30-a golaý resminama gol çekildi

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş— 2023» maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen dürli resminamalaryň otuza golaýyna gol çekildi. 

 

«Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabadayň halkara howa menzilinde, Türkmenbaşynyň we Türkmenabadyň halkara howa menzillerinde ýük ammarlaryna hyzmat etmek boýunça Germaniýanyň Lufthansa Consulting GmbH  kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdi.

 

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabatdaky halkara howa menili Max Flight JÇJ bilen Howa ulagynyň halkara birleşmesiniň ölçeglerine laýyklykda ýerde hyzmat etmek boýunça ylalaşyga gol çekdi.

 

«Türkmenistan» awiakompaniýasy we Max Flight JÇJ hyzmatlary üpjün etmek barada ylalaşyga gol çekdiler.

 

«Demirýollary» AGPJ tarapyndan gol çekilen resminamalaryň arasynda — Çehiýanyň IBA IT Park kompaniýasy bilen  IT babatynda, innowasiýalar we okuw babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Latwiýa Respublikasynyň Daugawpill lokomotiw-abatlaýyş zawody bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary hakynda Ylalaşyk, Russiýanyň «Информатика и связь» PJ bilen telekommunikasiýa ugurda taslamalary ýerine ýetirmek babatynda özara düşünişmek hakyda Ähtnama, «РЖД» APJ bilen ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak boýunça ýol kartasy, JÇJ «РЖД Интернешнл» bilen Gyzylarbat şäherindäki wagon-abatlaýyş zawodyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we täjiriçilik ylalaşygy, şeýle hem JÇJ «РЖД-Технологии» bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

 

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ şulara gol çekdi: China — Turkmenistan Partnership Logistics Co., Ltd bilen halkara we üstaşyr ýük daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Pakistanyň National Logistics Cell bilen halkara we üstaşyr ýük daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Eýranyň SBT Trading bilen halkara we üstaşyr ýük daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Gazagystanyň CILT Central Asia kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Azerbaýjanyň ADY Container kompaniýasy bilen halkara konteýner daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Gruziýanyň GR Logistics & Terminal JÇJ bilen halkara we üstaşyr ýük daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama we Gruziýanyň Medlog Georgia JÇJ kompaniýasy bilen halkara konteýner daşamalary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

 

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy halkara porty Albayrak Group türk kompnaiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Anipra Impex Ltd. hindi kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi.

 

«Türkmendemirýollary» agentligi we «Белорусские железные дороги» döwlet birleşigi demir ýol ulagy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. 

 

«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasy Bureau Veritas Marine Kazakhstan JÇJ bilen hyzmatlary üpjün etmek barada Ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy we Russiýanyň gämi gurluşyk deňiz registri gämileriň tehniki gözden geçirilişi boýunça hyzmatlary ygtyýarlylandyrmak we resminamalary halkara ylalaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirmek boýunça Ylalaşyga goşmaça kabul etdiler.

 

Daşary ýurt kompaniýalary bilen ýokarda sanalan ylalaşyklardan we ähtnamalardan başga-da ýerli kompaniýalar we birleşmeler bilen başga resminamalara hem gol çekildi.

 

«Türkmenawtoulaglary» agentligi we «Awtoulag kärhanalar birleşigi» AGPJ Türkmenistanda awtoulag üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, ýaglary we sarp ediş materiallaryny öndürýän ýuridiki şahslaryň birnäçesi bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdiler.

 

Halkara awtoulag daşaýjylarynyň Türkmen birleşmesi we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy HÝD ulgamy boýunça maglumatlary alyşmak üçin elektron ulgamy ulanmak barada ozal kabul edilen ylalaşyga goşmaçany kabul etdiler.