«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara ýaryşda üçünji orny eýeledi

«Russiýasynyň sanly senagaty» maslahatynyň çäginde kiberdurnuklylygy synamak we halkara arenasynda tejribe alyşmak üçin onlaýn bäsleşik geçirildi.

Birnäçe ýurtdan 40 topary bir ýere jemlän ýaryş iki tapgyrdan ybarat boldy. Russiýadan, Türkmenistandan hem-de Mýanmadan bolan 7 topar finala çykmagy başardy.

Bäsleşik wagtynda gatnaşyjylar möhüm desgalaryň IT infrastrukturasyny hakerleriň hüjümlerinden goradylar. Hakyky kiberhowplary simulirlemek bilen bagly çylşyrymly meseleleri çözmek bilen, bäş wekilden ybarat bolan «Türkmenelekom» agentliginiň Türkmentelekom topary öz çykyşyny üstünlikli tamamlady we 2015 ball gazanyp, üçünji ýeri eýeledi. Ilkinji iki ýeri Russiýanyň toparlary aldylar.

Ýeňijiler Russiýanyň «Solar» kompaniýalar toparyndan we çempionatyň tehnologiýa hyzmatdaşlaryndan — «Howpsuzlyk kody» we «Kasperskiý laboratoriýasy» atly taraplardan maglumat howpsuzlygy önümlerini ulanmak üçin sertifikatlary aldylar.

Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, Aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrlikleri hem-de «Rostelekom» tarapyndan guralan halkara kiberbäsleşik maglumat howpsuzlygy boýunça zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda özara gatnaşyklaryny guramak, global kiberjenaýatçylyga garşy tagallalary utgaşdyrmak hem-de kiberhüjümlere garşy göreşmekde tejribe alyşmak arkaly halkara jemgyýetçiligini ysnyşdyrmagy güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär.

Hünärmenler howplary ýok etmäge, ösen tehnologiýalara, gurallara we usulyýetlere, şeýle hem toparlaýyn iş alyp barmaga taýýardyklaryny görkezdiler.