Olimpiýa şäherçesinde tennis boýunça ähmiýetli dabaralar guralar

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli  Çagalaryň tennis festiwalynyň, şeýle hem Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli degişli resminamany gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçiriljek dabara ýurdumyzyň sport durmuşynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüler. Çäräniň myhmanlaryna ýurdumyzyň sportdaky ýeten sepgitlerini, gazananlaryny özünde jemleýän ajaýyp sergi hödürlener.

Bu ýerde Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça wekili Amir Borgeýiň degişli sertifikaty türkmen tarapyna gowşurmagyna garaşylýar.

Şondan soň Çagalaryň tennis festiwalyna badalga berler. Aýdym-saza beslenjek festiwal ýaş tennisçiler üçin ýatdan çykmajak wakalary özünde jemlär.