Magtymguly hakynda iki bölümden ybarat täze film surata düşürilýär
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde beýik şahyryň we akyldaryň durmuşyny we döredijilik ýoluny, ähli basgançaklaryny öz içine alýan «Magtymguly» atly iki bölümden ybarat çeper filmi surata düşürmek boýunça işler dowam edýär. Filmiň edebi esasy Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň repertuaryna giren Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Magtymguly» pýesasyna esaslanýar.
Täze filmiň režissýory Şirli Mollaýewiň sözlerine görä, bu filmiň edebi esasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr hakyndaky eserlerinden çuňňur pikirler we düşünjeler, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplardan toplanan köp sanly täze maglumatlar hem rowaýatlar bilen baýlaşdyryldy.
Şu günlerde filmi goýujy topar şahyryň dogduk mekany bolan Balkan welaýatynyň Gerkez obasyndan gaýdyp geldi. Şol ajaýyp ýerlerde filmiň möhüm bölümleri surata düşürildi. Şeýle hem filmiň bir bölegi Ahal welaýatynda — Gökdere jülgesinde ýazyldy.
Täze düşürilýän «Magtymguly» filminde keşpleri Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň we Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň ussat artistleri döredýärler. Magtymgulynyň çagalykdaky keşbini Muhammet Baýramow, gojalyk döwründäki paýhasly keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow döredýär.