Aşgabatda italýan-türkmen konserti geçiriler

5-nji iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Beýik italýan opera kompozitory, organçy we hormeýster Jiakomo Puççininiň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.

Agşamky konsertiň maksatnamasynda italýan tenory Matteo Lippiniň, türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewanyň we Rasul Kliçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşlary bar.

Çäräni Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guraýar.

Konsert 19:00-da başlar. Giriş tölegsiz.