Nadal «Rolan Garrosda» 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy
Hepdäniň ýekşenbe güni badalga alan möwsümiň 2-nji «Uly tuwulga» ýaryşy «Rolan Garros» tennis bäsleşiginiň ilkinji tapgyrynyň duşuşyklary şu gün tamamlanar.
123-nji gezek geçirilýän «Rolan Garros» ýaryşynyň ilkinji gününde bu ýerde iň köp çempionlyk gazanan ispaniýaly Rafael Nadal ýeňlişe sezewar boldy. Toýunsow tennis kortunyň ägirdi hasaplanýan Nadal germaniýaly Aleksander Zwerewden 3 sagat 5 minutlap dowam eden 3 setde – 6:3, 7:6, 6:3 hasaplar bilen asgyn geldi. Beýleki ady «Fransiýa Açyk» bolan tennis ýaryşynda 14 gezek çempionlyk gazanan Nadal «Rolan Garrosyň» taryhynda 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Başgaça aýdylanda, Zwerew Nadaly şwesiýaly Robin Soderling hem-de serbiýaly Nowak Jokowiçden soň «Rolan Garrosda» ýeňen 3-nji tennisçi hökmünde hasaba alyndy.
Erkekleriň arasynda gresiýaly Stefanos Sisipas, zenanlardan polşaly Iga Şwentek, amerikaly Koko Gauff, çehiýaly Marketa Wondrouşowa, tunisli Uns Žaber dagy 1-nji tapgyrda garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy.