5-7 ýyldan Russiýanyň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglar peýda bolar
Sürüjisiz ulaglaryň rus ýollarynda giňden ornaşdyrylmagy ýene 5-7 ýyldan başlanar. Bu çaklamany sanly ulgamyň ösüşini utgaşdyrýan ministrliginiň ýolbaşçysy Maksut Şaýaýew aýtdy.
«Meniň pikirimçe, bu ýakyn geljek — 5-7 ýyl üçin niýetlenen taslama bolup, şeýle tejribe eýýäm durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi. Biz bu meselede çekinmeýäris, çünki eýýäm birnäçe gezek sürüjisiz nusgada syýahat etdim» —diýip, ol kiberhowpsuzlyk boýunça guralan «Positive Hack Days Fest» festiwalynda nygtady.
Ýolbaşçy sürüjisiz ulaglaryň ornaşdyrylmagynyň şeýle awtoulaglaryň howpsuzlygy we jemgyýetçilik kämilligi bilen baglydygyny aýtdy. «Meniň pikirimçe, bularyň hemmesi öz wagtynda amal ediler» — diýip, bellän Şaýaýew «Yandex» robot kurýerleriniň eýýäm işjeň ulanylýandygyny ýatlady.