Russiýa we Özbegistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapynda
Moskwa we Daşkent ulag-logistika pudagynda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Bu barada iki döwletiň ýolbaşçylary Wladimir Putin we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki beýanynda aýdylýar.
«Taraplar ulag we logistika pudagynda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirerler, ýük dolanyşygynyň ösmegi üçin, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amatly şertleri üpjün ederler» — diýlip, Kremliň web saýtynda tassyklanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Putin bilen Mirziýoýewiň 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Termiz şäherinde (Özbegistan) guralan «Belarus — Russiýa — Gazagystan — Özbegistan — Owganystan — Pakistan» multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça iş toparynyň ilkinji ýygnagynyň netijelerine oňyn baha berendigi bellenilýär.