Çarşenbe güni, birža söwdalarynda “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini satyldy

Çarşenbe güni, 29-njy maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet Konserninden “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 981 325,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.