Türkmen wekiliýeti BSG-ä girmek boýunça Gruziýanyň tejribesini öwrenýär
Tbilisi şäherinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmek boýunça gepleşikleri geçirmekde öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de milli söwda syýasatyny ösdürmäge bagyşlanan tanyşlyk sapary dowam edýär. Bu sapar 27-nji maýdan 31-nji maýa çenlidir.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de beýleki edaralaryň wekilleri bar. Saparyň dowamynda türkmen tarapy Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Salgyt gullugynyň hem-de Gümrük departamentiniň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň barşynda ykdysadyýet we söwda pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, BSG-ä agza bolmak prosesi, bu gurama goşulmak bilen baglanyşykly wezipeler we borçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmaga we ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem BSG-ä agzalygyň çäklerinde salgyt özgertmelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmen wekiliýetiniň Gruziýa döwletine tanyşlyk sapary dowam edýär. Ýurt bu günki günde global söwda ulgamyna integrasiýanyň ýolunda hyzmatdaşlaryň tejribesini öwrenýär.