Türkmenistanyň günbatar sebitinde bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Okuw türgenleşikleriniň çäklerinde dürli harby tehnikalaryň, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamlarynyň, ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň sergisi guraldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň esasy wezipelerinden ugur alyp, merdana Watan goragçylary ýurtda parahatçylygy we asudalygy, halkyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Esgerleriň, serkerdeleriň harby taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda olaryň ýaraglara, harby tehnikalara erk etmek ukyplarynyň berkidilmegine, harby düzüm böleklerinde sazlaşykly hereketleriň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketlerini kemala getirmek, harby gullukçylaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçleriň goranyş mümkinçiliklerini hem-de kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen, harby-türgenleşik okuwlary yzygiderli geçirilýär.
Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion serişdelerine hem-de iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn orun degişlidir. Harby deňizçiler okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, ýurduň
Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etdiler hem-de döwletiň deňiz serhetleriniň, tutuş ýurduň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara başarnykly erk etmek ukyplaryny görkezdiler.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýokary söweşjeň ussatlygyny görkezip, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Şu gezekki okuw türgenleşikleriniň barşynda türkmen esgerleri nobatdaky gezek edermenligiň, dogumlylygyň, gaýduwsyzlygyň, häzirki zaman harby tehnikalaryna we ýaraglara erk etmegiň nusgasyny, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini, sazlaşykly hereketleriň kämil derejesini görkezdiler. Bularyň ählisi esgerleriň öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge ygrarlydyklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerýän harby gullukçylaryň öz hünär derejesini, başarnyklaryny hemişe kämilleşdirýändikleriniň aýdyň mysalydyr.