Türkmen filmi Çeboksari kinofestiwalynda eminleriň Ýörite baýragyna mynasyp boldy

Şu gün — 30-njy maýda Çuwaş döwlet filarmoniýasynyň zalynda XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynyň ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Festiwala gatnaşyjy dalaşgärleriň birnäçesi etnik we sebitleýin kino ugry boýunça ýeňiji boldy. Şolaryň arasynda Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly türkmen filmi eminleriň Ýörite baýragyna eýe boldy. Bu barada «SalamNews» saýtynyň habarçysyna Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginden habar berdiler.

 

Geçen ýyl Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu filmde Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen meýletinçi hökmünde fronta giden ýigidiň ýanýoldaşynyň ykbaly barada söhbet edilýär.

Türkmen filmi Çeboksari festiwalynyň meýilnamasynda görkezilen ähli filmler ýaly asyl dilinde görkezildi.

XVII Çeboksari halkara kinofestiwaly 23 — 29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynda geçirildi. Bu ýyl onuň çeper ýolbaşçysy Russiýanyň tanymal kinorežissory we halk artistli Aleksandr Proşkin, meýilnama direktory we prodýuseri Dmitriý Pirkulow boldy. Kinofestiwala Russiýanyň meşhur teatr we kino aktýorlary, kino režissýorlary we 15 ýurtdan sungat işgärleri gatnaşdylar.