Türkmenistanda türk pissesi ösdürilip ýetişdiriler
Türkmenistanda ýabany agaçlar bilen sapyşdyryp antep pissesini ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu hakda Gaziantep pisse ylmy-barlag institutynyň müdiri Ahmet Şahanyň sözlerine salgylanýan «Большая Азия» onlaýn neşiri habar berdi.
Ýeri gelende bellesek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň Gaziantep şäherine eden saparynyň barşynda Türkmenistan bilen pisse ylmy-barlag institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşyk gazanylypdy.
Türkmen wekiliýeti dünýädäki pisse önümçiligi baradaky maglumatlar we bu önümiň nusgalary bilen tanyşdylar, şeýle hem ýerli pisse baglaryny synladylar.